Turkmenportal logo
22.05.21
58165816
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň DHÇMB-de geçen hepde ABŞ-nyň 19 million dollary möçberinde geleşik baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.


Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, tehniki kerosini we senagat ýagyny satyn aldylar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen suwuklandyrylan gaz owganystanly işewürleriň geleşikleriniň esasyny düzdi.


Bulardan başga-da, BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million dollaryna golaý boldy.


Şeýle hem Hindistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 292 müň manatdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.


Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 12 million 200 müň manatlykdan gowrak reňksiz aýnany we pagta süýümini satyn aldylar.