Turkmenportal logo
20.05.21
1107511075
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenportal» 2021-nji ýylyň ýylyň iň gowy web sahypasy boldy

Şu gün – 20-nji maýda Aşgabat şäherindäki Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda hereket edýän ähli web saýtlaryň arasynda yglan edilen «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň iň gowy internet web saýty» atly bäsleşigiň jemleýji çäresi geçirildi.


Emin agzalaryň biragyzdan gelen netijesine laýyklykda, bäsleşigiň Gran Pri – baş baýragyna «Türkmenportal» habarlar saýty mynasyp bolup, Hormat haty we 42-lik «Tolkun» telewizory bilen sylaglandy.


Bäsleşik aşakdaky tertipde jemlenildi:


I ýer – Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň web sahypasy;


II ýer – Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milligoşun» žurnalynyň web sahypasy;


III ýerAshgabat.in web sahypasy.


Ýeňijilere bäsleşigiň guramaçylary tarapyndan gymmat bahalay sowgatlar gowşuryldy.


Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, gatnaşýan saýtlar Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramy, onuň taryhy we ähmiýeti bilen baglanşykly ýörite taýýarlanan suratlary, gutlag suratlary (otkrytkalary), wideolary, wideo şekilleri, habarlary, makalalary, aýdymdyr sazlary we döredijilik eserlerini “Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine” diýen ýazgy bilen öz internet web saýtlarynda ýerleşdirdiler.


«Türkmenportal» web saýtynyň bäsleşige hödürlän işleri:


Makalalar toplumy


Suratlar:


Aşgabadyň ozalky görnüşinden suratlar


Fotoreportaž: Aşgabada-140 ýyl


Wideolar:


"Mir 24" teleýaýlymy türkmen figuralaýyn typyjylarynyň Aşgabadyň 140 ýyllygyna taýýarlygy barada gürrüň berdi


Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi «Türkmen teatr sungaty» atly bäsleşik geçirýär


"Mir-24" teleýaýlymy Aşgabadyň 140-ýyllyk baýramçylygyna taýýarlygy barada gürrüň berdi