Turkmenportal logo
17.05.21
96809680
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
AFK-nyň kubogy ― 2021: «Ahal» sebitleýin finala çykmagy başardy

AFK-nyň kubogynyň «E» toparçasyndaky ikinji duşuşygynda-da ýeňiş gazanan «Ahal» taryhynda ilkinji gezek ýaryşyň sebitleýin finalyna çykdy. Bu gezek has güýçli garşydaş ― «Dordoý» bilen Bişkekde duşuşan türkmen futbolçylary 2:0 hasabynda ýeňiş gazandylar.


Bu pökgüleriň ilkinjisini duşuşygyň eýýäm 7-nji minudynda «Dordoýyň» goragçysy Aleksandr Miçenko öz derwezesine geçirdi. Ikinji pökgini bolsa 78-nji minutda ýarym goragçy Elman Tagaýew geçirdi.


Bu duşuşykdan soňra utugyny 6-a çykaryp, toparçadaky garşydaşlarynyň ikisini hem ýeňen «Ahal» heniz sebitleýin ýaryş tamamlanmanka, onuň finalyna çykmagy başardy.


Hojaahmet Arazowyň şägirtleri sebitleýin finalda «F» toparçanyň ýeňijisi bilen duşuşar. Ugurdaş toparçanyň ýeňijisi 20-nji maýda geçiriljek «Altyn asyr» ― «Nasaf» duşuşygyndan soňra belli bolar. Yklym ýaryşyndaky iki duşuşygynda 4 utuk toplan «Altyn asyra» sebitleýin finala çykmak üçin diňe ýeňiş gerek bolar. Sebitleýin final duşuşyklarynyň öýde-myhmançylykda görnüşinde 11-nji we 25-nji awgustda geçiriljekdigini habar berýäris.