Turkmenportal logo
10.05.21
52075207
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýada gandaky glýukozany ölçeýän bilezik işlenip taýýarlanyldy

Russiýanyň «Sensorika» merkeziniň alymlary gandaky glýukozanyň derejesini kesgitleýän «akylly» bilezigi işläp taýýarladylar.


Bilezik glýukozany bir sagatda 12 gezege çenli ölçemäge mümkinçilik berýär.


Onuň mümkinçilikleri diňe munuň bilen hem çäklenmeýär. Zerur bolan ýagdaýynda bilezik barlagyň netijesini maşgala lukmanyňyza hem ýollap biler. Şeýle hem ol ýörite programma arkaly alnan maglumaty seljermäge ukyplydyr ― diýip, RIA Nowosti habar berýär. Enjam Sekenow uniwersitetinde synagdan geçiriler.


Süýji keseline gözegçilik etmek üçin gandaky glýukozanyň derejesini hemişelik barlap durmak zerurdyr. Bu işde indi takyk ölçeýji innowasion enjamlardan peýdalanyp bileris.