Turkmenportal logo
14.04.21
71757175
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Belarusuň Orş şäherinde türkmenistanly talyplar sergi gurady
Belarusuň Orş şäherinde türkmenistanly talyplar sergi gurady

Etrabyň forum-festiwalynyň çäginde Orşa lukmançylyk kollejinde Belarusyň we Türkmenistanyň bilelikdäki döredijilik we senetçilik sergisi geçirildi.


Belarus kollejinde okaýan türkmen talyplary sergide Türkmenistanyň taryhy we medeniýeti bilen tanyşdyrýan lybaslary, halk sungat eserlerini, senetçilik önümlerini we ýadygärlik sowgatlaryny hödürlediler.


Mundan başga-da, watandaşlarymyz türkmen halkynyň däp-dessurlary barada gürrüň berdiler, milli tanslary we aýdymlary ýerine ýetirdiler. Şeýle hem olar Belarusda okamagyň täsirlerini paýlaşdylar.