Turkmenportal logo
13.04.21
6878368783
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Altyn Asyr» mobil operatory «Oraza» hyzmatyny hödürleýär

«Altyn Asyr» Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti öz müşderilerine, Oraza aýy mynasybetli ýörite hyzmaty hödürleýär. Bu hyzmatdan peýdalanmak bilen siz ykjam telefon ekranlaryňyzda özüňiziň ýaşaýan welaýatlaryňyza görä agyz beklenýän we açylýan wagtlaryny görmek mümkinçiligine eýe bolup bilersiňiz!


Agyz beklenýän we açylýan wagtlary, tölegsiz USSD menýu üsti bilen Oraza hyzmatyndan peýdalanyp bilersiňiz


Aşakda görkezilen kodlary öz telefonyňyza girizip, hyzmatdan peýdalanyp bilersiňiz:


*0870*1# – Ahal welaýaty we Aşgabat şäheri üçin


*0870*2# – Balkan welaýaty üçin


*0870*3# – Daşoguz welaýaty üçin


*0870*4# – Mary welaýaty üçin


*0870*5# – Lebap welaýaty üçin.