Turkmenportal logo
25.03.21
62366236
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen boksçularynyň Hindistanda geçiriljek Aziýa çempionatyna gatnaşmagyna garaşylýar

Boks boýunça Aziýa konfederasiýasy (ASBC) Hindistanda iri halkara ýaryşyň geçiriljekdigini habar berdi.


Has takygy, şu ýylyň 21 ― 31-nji maýy aralygynda Nýu-Deli şäherinde boks boýunça Aziýanyň çempionaty geçiriler. Olimpiýa oýunlary ― 2020-niň iki aý öňünden geçiriljek yklym ýaryşynda Aziýanyň iň güýçli boksçulary belli ediler.


Mundan ozal, 2019-njy ýylda Bangkokda (Tailand) geçirilen yklym çempionatynda ildeşimiz, halkara derejeli sport ussady Nursähet Pazzyýewiň bürünç medala mynasyp bolandygyny ýatladýarys.