Turkmenportal logo
17.03.2021
9756397563
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň ýazky dynç alyş möwsüminiň näçe gün dowam etjekdigi belli boldy

Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň ýazky dynç alyş möwsümi 11 gün dowam eder. Bu barada Aşgabat şäheriniň baş bilim müdirliginden «Türkmenportala» berlen maglumatda görkezilýär.


Has takygy, dynç alyş günleri 21-nji martda başlar we 31-nji marta çenli dowam eder. Okuwçylar 1-nji aprel güni, hepdäniň penşenbe gününde okuw ýylynyň dördünji çärýegine girişerler.


Geçen ýyl, ýurdumyzda ýazky dynç alyş möwsüminiň 6-njy aprele çenli uzaldylandygyny ýatladýarys.