Turkmenportal logo
16.03.21
59995999
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daşoguz welaýatynda 1782 tonna tohumlyk şaly taýýarlanyldy

Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän şaly arassalaýjy kärhana öňde duran ekiş möwsümi üçin 1782 tonna tohum taýýarlady. Olar şalynyň «Müňbaşy», «Nöküs-2», «Alenga» we «Bereketli» sortlarynyň tohumlarydyr ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.


Bu tohum sebitdäki şaly ekişinde ulanylar. Şu ýyl welaýatda 8 müň gektardan gowrak meýdanda şaly ekmek meýilleşdirilýär.