Turkmenportal logo
12.03.21
64916491
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mart aýynda Türkmenistanda jemi 35 gektarlyk täze ýyladyşhanalar açylar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow şu gün geçirilen Hökümet mejlisinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde şu ýylyň mart aýynda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen ýyladyşhanalaryň gurluşygy boýunça geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.


Türkemnistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, sebitlerde mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyklary batly depginlerde dowam edýär. Häzir Ahal welaýatynyň Kaka, Ak bugdaý etraplarynyň, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň çäklerinde gurulýan ýyladyşhanalaryň gurluşygy tamamlandy. Şu günler olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Gök-bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin niýetlenen täze toplumlar döwrebap tehnologik awtomatlaşdyrylan enjamlar bilen üpjün edildi.


Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde, halkymyzyň durmuşynyň ýokary derejesiniň ýola goýulmagynda möhüm orun eýeleýän oba hojalyk pudagynyň hemmetaraplaýyn kämilleşdirilmeginiň yzygiderli durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady syýasatyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Obasenagat toplumynyň yzygiderli ösdürilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň, bu ugurda ýurdumyzyň önüm öndürijilerine döwlet tarapyndan berilýän goldawyň netijesinde ägirt uly üstünlikler gazanyldy hem-de dürli görnüşli oba hojalyk önümlerini öndürilişi artdy.


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň işe girizilmeginiň ýurdumyzyň okgunly ykdysady ösüşine ýardam etjekdigini aýdyp, wise-premýere, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygyna ýyladyşhanalaryň ýokary hil derejesinde ulanmaga berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.


Döwlet Baştutany milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly seneler mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän beýleki desgalarda alnyp barylýan işleri hem berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda we ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda döwrebap ýyladyşhanalaryň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.


Wise-premýer Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde, 25-nji martda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gaýgysyz Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginde ýyladyşhananyň açylyşynyň maksatnamasynyň taslamasynyň taýýarlanandygyny habar berdi. Bu desga Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Oguz ýol” hojalyk jemgyýeti tarapyndan guruldy.


Şol gün sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dabaraly ýagdaýda döwrebap ýyladyşhanalary işe girizmek göz öňünde tutulýar. Ýyladyşhanalaryň meýdany 35 gektara barabar bolup, olaryň kuwwaty ýylda 8 müň 750 tonna gök önümleri öndürmäge niýetlenendir.


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň her bir sebitinde iri ýyladyşhana toplumlarynyň yzygiderli ulanmaga berilýändigini nygtady. Şolarda öňdebaryjy tejribe esasynda innowasion tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar, azyk önümleriniň köp görnüşlerini öndürýän kärhanalaryň onlarçasy guruldy. Bu giň gerimli işlere hususy işewürligiň wekilleri işjeň gatnaşýarlar. Olar ýokarda agzalan pudaklarda iri maýa goýum taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýärler.


Milletiň Lideri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ýola goýmaga, obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, azyk bolçulygyny üpjün etmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady.


Döwlet Baştutany mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýy mynasybetli ulanylmaga beriljek döwrebap ýyladyşhanalaryň açylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde guramak barada wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.