Turkmenportal logo
01.03.21
66326632
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
AFK-nyň kubogy - 2021: Täjigistan "F" toparçanyň duşuşyklaryny kabul eder

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy Täjigistanyň AFK-nyň Kubogy-2021-iň «F» toparçasynyň duşuşyklaryny kabul etmek baradaky ýüztutmasyny goldady. Bu toparçada ýurdumyzyň çempiony «Altyn asyr» futbol topary hem ýaryşar.


Merkezleşdirilen duşuşyklarda ýurdumyzyň çempiony hem-de Kubogynyň eýesi “Altyn Asyr” topary “F” toparçada Özbegistanyň futbol çempionatyny üçünji hatarda tamamlan AGMK (ýa-da “Nasaf”), Täjigistanyň futbol birinjiliginiň kümüş medalynyň eýesi “Hojand” hem-de Gyrgyz Respublikasynyň çempionatyny ikinji hatarda tamamlan “Alaý” toparlary bilen bäsleşer.


AFK-nyň Kubogy – 2021-iň toparçalaýyn bäsleşigi 14-20-nji maý aralygynda merkezleşdirilen görnüşde geçiriler. Toparçalaryň ýeňijileri sebitleýin finalda duşuşmaga mümkinçilik alarlar. Iki oýundan ybarat bolan final duşuşygy 11-25-nji awgustda geçiriler.


Ýeri gelende bellesek, saýlama tapgyryna gatnaşýan AGMK topary AFK-nyň çempionlar ligasynyň toparçalaýyn bäsleşigine düşen ýagdaýynda, onda AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginde onuň ornuny Özbegistanyň futbol çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi “Nasaf” topary eýelär.


“F” toparça (geçirilýän ýeri: Duşenbe, Täjigistan):


AGMK (ýa-da “Nasaf”, Özbegistan)


“ALTYN ASYR” (TÜRKMENISTAN)


“Hojand” (Täjigistan)


“Alaý” (Gyrgyz Respublikasy)


1-nji tapgyr, 14-nji maý (anna):
AGMK (ýa-da “Nasaf”, Özbegistan) - “Alaý” (Gyrgyz Respublikasy)
“ALTYN ASYR” (TÜRKMENISTAN) - “Hojand” (Täjigistan)


2-nji tapgyr, 17-nji maý (duşenbe):
“Alaý” (Gyrgyz Respublikasy) - “ALTYN ASYR” (TÜRKMENISTAN)
“Hojand” (Täjigistan) - AGMK (ýa-da “Nasaf”, Özbegistan)


3-nji tapgyr, 20-nji maý (penşenbe):
AGMK (ýa-da “Nasaf”, Özbegistan) - “ALTYN ASYR” (TÜRKMENISTAN)
“Hojand” (Täjigistan) - “Alaý” (Gyrgyz Respublikasy).