Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bolan «ÝUNISEF»-iň başlangyjy esasynda koronawirus sanjymlaryny bütin dünýäde deň paýlamaklyk üçin öňdebaryjy howaýollary şereketleri bilen ynsanperwer howa gatnawlary ýola goýlup başlandy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bolan «ÝUNISEF» tarapyndan berlen beýanda 15-den gowrak howaýollary kärhanasy bilen baglaşylan «Global logistika» şertnamasynda «COVID-19» sanjymlaryny, zerur dermanlary, lukmançylyk enjamlaryny we beýleki möhüm zatlary paýlamaklygyň ýola goýuljakdygy habar berildi.
«ÝUNISEF»-iň ynsanperwer howa gatnawlary başlangyjynyň çäginde, koronawirus sanjymlaryna adalatly elýeterliligi üpjün etmekligi maksat edinýän ««COVID-19» sanjymlaryna global elýeterlilik» maksatnamasy — «COVAX» 100-den gowrak ýurdy öz içine alýan howaýollary şereketleriniň ýygnanmagy bilen goldanylar.
«ÝUNISEF»-iň beýanynda howaýollary şereketleriniň lukmançylyk enjamlarynyň iberilmegine ilkinji nobatda ähmiýet berjekdigi, şeýle hem temperatura gözegçilik we howpsuzlyk ýaly çäreleri görjekdigi we zerur sebitlere goşmaça transport goldawyny berjekdigi nygtaldy.
Şu wagta çenli «Global logistika» şertnamasyna gol çeken howaýollary kärhanalarynyň arasynda «AirBridgeCargo», «Air France/KLM», «Astral Aviation», «Brussels Airlines», «Cargolux», «Cathay Pacific», «Emirates Skycargo», «Ethiopian Airlines», «Etihad Airways», «IAG Cargo», «Korean Air», «Lufthansa Cargo», «Qatar Airways», «SAUDIA», «Singapore Airlines» we «United Airlines» ýaly şereketler bar.