Turkmenportal logo
16.02.21
2204222042
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
“Suvari” Türkmenistanda öndürilen aýakgaplary satar

“MB shoes”, “Suvari” markasy üçin erkek aýakgaplaryny öndürer. Içerki aýakgap önümçiliginiň öňdebaryjy wekili “MB shoes” türk erkek egin-eşik markasy bolan “Suvari”-niň Aşgabatdaky şahamçasynyň wekilleri bilen geçirilen gepleşikde ylalaşyk gazanyldy. Döwrebap aýakgaplar “MB shoes” bilen üpjün edilen katalogdan saýlanar.


“Suvari” türk erkek egin-eşik markasy Türkmenistanda, Russiýada, Germaniýada giňden tanalýar. “Suvari” markasy penjekden başlap, iş eşiklerine, köýneklere we boýunbaglara, guşaklara, gapjyklara çenli ähli egin-eşikleri we esbaplary öndürýär. 


“MB shoes”, Türkmenistanda hakyky ýerli deriden erkekler, zenanlar we çagalar üçin sport aýakgaplaryny hem öndürýär.