Turkmenportal logo
15.02.21
754754
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýa Ermenistan bilen Azerbaýjana howa gatnawlaryny täzeden ýola goýdy

Pandemiýa sebäpli arakesmeden soň, Russiýa şu gün Ermenistana we Azerbaýjana howa gatnawlaryny täzeden dikeltdi. 


Howaýollary kompaniýalary hepdede iki gezek Moskwa-Baku aralygynda we hepdede dört gezek Moskwa-Ýerewan aralygynda howa gatnawlaryny gurap bilerler.


Russiýanyň “Aeroflot” awiakompaniýasy şu günden başlap Ýerewan şäherine hepdede dört gezek, 17-nji fewraldan başlap bolsa, Baku şäherine hepdede  iki gezek howa gatnawyny ýola goýmagy  meýilleşdirýändigini mälim etdi.


Russiýa awgust aýyndan bäri koronawirus epidemiýasy sebäpli ýatyrylan howa gatnawlaryny kem-kemden täzeden ýola goýup gelýär.