Turkmenportal logo
11.02.21
67546754
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mary welaýatynda boş iş orunlaryny hödürlemek çäresi geçiriler

Mary, Baýramaly we Murgap etraplarynda boş iş orunlaryny hödürlemek çäresi geçiriler diýip, «Maru Şahu-Jahan» gazeti habar berýär.


Mary welaýatynyň ilatyň zähmet we iş üpjünçilgii bölümi kärhanalardan, guramalardan, edaralardan we aýry-aýry telekeçilerden özlerindäki boş iş orunlary bilen bu çärä gatnaşmagy soraýar.


Murgap etrabyndaky çäre 16-njy fewralda sagat 9-dan 12-ä çenli, Murgap şäheriniň Azady köçesiniň 48-nji jaýynda geçiriler. Habarlaşmak üçin: 800565- 4-52-51, 4-51-96.


Baýramaly etrabyndaky çäre bolsa 19-njy fewral güni sagat 10 ― 12 aralygynda Baýramaly şäherindäki Talyplar köçesiniň 3-nji jaýynda geçiriler. Habarlaşmak üçin: 800564-6-26-76.


Mary etrabyndaky çäre 22-nji fewralda sagat 10-dan 12-ä çenli welaýat medeniýet merkeziniň jaýynda geçiriler. Merkez Mary ― Sakarçäge ýolunyň 1-nji kilometrliginde ýerleşýär. Habarlaşmak üçin: 800522- 7-09-95, 7-43-89.


Boş iş orunlaryny hödürlemek çäresine gatnaşjak raýatlardan şahsyýetini tassyklaýan resminama talap ediler.