Turkmenportal logo
05.02.21
18611861
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Google» şereketiniň Ýewropa bilen Amerikanyň arasyndaky suwasty kabeli işe başlaýar

«Google» şereketiniň «SubCom» bilen bilelikde beren beýanynda kompaniýanyň Wirgina kenary bilen Fransiýadaky Dunantyň arasynda ýörite suwasty  kabeliň işe başlandygyny habar berdi.


«Google» şereketi  ilkinji gezek Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi we Gyzyl Haç guramasynyň esaslandyryjysy Genri Dunantyň adyny göterýän taslamany 2018-nji ýylyň ortalarynda yglan etdi. Şol döwürde bu taslamanyň 2020-nji ýylda durmuşa geçirilmegine garaşylýardy. Ýöne «COVID-19» epidemiýasy zerarly yklymlaryň arasynda uzyn kabeli ýaýratmaklykda ýüze çykan kynçylyklar, bu taslamanyň öz wagtynda tamamlanmagyna mümkinçilik bermedi.


4000 mil töweregi kabeliň umumy kuwwaty sekuntda 250 terabaýt. Bu kabeliň käbir köne kabellerden tapawudy, onda geçirijilik giňligini ýokarlandyrmaklyk üçin birnäçe tehniki täzelikler bilen birlikde 12 süýümli kabel jübüti ulanylypdyr.


«Google» şereketiniň bulut infrastrukturasynyň menejeri Mark Sokol: ««Google» kompaniýasy bulut hyzmatlaryna we yzygiderli onlaýn bolmaklyga bolan islegi artdyrmaklyk isleýär.» - diýip bellenildi. 


«Google» şereketiniň indiki suwasty  kabeli  Nýu-Ýork bilen Ýewropanyň arasyndaky «Grace Hopper» kabeli bolar. Bu kabel üçin niýetlenen ýerler Bilbao, Ispaniýa, Bude we Angliýa bolar. «Google» şereketi bu täze kabeli ilkinji gezek geçen ýylyň iýul aýynda «SubCom»  bilen bilelikde geçiren ýygnagynda yglan etdi. «Grace Hopper» kabeliniň 2022-nji ýylda onlaýn bolmagyna we jemi 16 süýümli kabel jübütini öz içine almagyna garaşylýar.