Turkmenportal logo
04.02.21
39683968
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyby «Erudit online» halkara internet olimpiadasynyň ýeňijisi boldy

Golaýda Russiýa Federasiýasynyň «Erudit» ylym-bilim merkeziniň guramagynda onlaýn görnüşinde «Erudit online» halkara internet olimpiadasy geçirildi ― diýip, «Esger» gazeti habar berýär.


Olimpiada birnäçe döwletden, şol sanda Türkmenistandan hem isleg bildirýän ýaşlar gatnaşdylar. Olar öz aralarynda ylmyň dürli ugurlary boýunça test görnüşinde bäsleşdiler. Sanlyja gün mundan öň bolsa, bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi.


Olaryň arasynda Türkmenistanyň Serhet institutynyň 5-nji ýyl harby talyby Begli Gurbandurdyýewiň hem ady bar. Ol halkara internet olimpiadasynda biologiýa dersiniň «Adam fiziologiýasy» ugry boýunça bäsleşip, 3-nji orna mynasyp boldy. Harby talyp Begli Gurbandurdyýew «Erudit» ylym-bilim merkeziniň 3-nji derejeli diplomy hem-de bürünç medaly bilen sylaglanyldy.


Bu bolsa diňe bir Begliniň şahsy üstünligi bolman, eýsem, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň, galyberse-de, ýurdumyzyň ýokary derejeli ylym-bilim ulgamynyň täze üstünligidir.