Turkmenportal logo
23.12.20
2267122671
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly syýahatçylar Omana wizasyz girip bilerler
Türkmenistanly syýahatçylar Omana wizasyz girip bilerlerTimes of Oman

«Times of Oman» neşiriniň habaryna görä, Oman 103 döwletden gelen syýahatçylara ýurda wizasyz girmäge rugsat berdi. Bu sanawa Türkmenistan bilen birlikde GDA-nyň beýleki döwletleri hem girýär.


Täze düzgünlere görä, «ýaşyl» döwletlerden gelen daşary ýurtlular Omana 10 gün wizasyz syýahat edip bilerler. Ýöne gelmezden ozal syýahatçylar ýörite talony, ätiýaçlandyrmany we yza gaýtmak üçin uçat petegini alyp gelmeli.


Bu sanawa girizilmedik döwletleriň raýatlary wiza üçin onlaýn ýüz tutmaly.