Turkmenportal logo
21.12.20
1179611796
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk dilinde neşir edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.


Çärä gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, professor-mugallymlar düzümi hem-de talyplary gatnaşdylar. Tanyşdyryş dabarasyna sanly aragatnaşyk ulgamy arkaly Türkiýe Respublikasynyň görnükli ylmy işgärleri hem goşulyşdylar.


Şu ýylyň sentýabr aýynda neşir edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitap eýýäm hytaý, ýapon, rus, azerbaýjan, gruzin we ukrain dillerine terjime edildi. Bu gün bolsa bu sanawy kitabyň türk diline terjime edilen görnüşi artdyrdy.