Turkmenportal logo
07.12.2020
1072410724
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky ilçihanasy milli Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli wideokonferensiýa geçirdi

Ýakynda, Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky ilçihanasy tarapyndan sebit durnuklylygyny we halkara howpsuzlygyny üpjün etmeklikde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähmiýeti barada onlaýn konferensiýa geçirildi


Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan konferensiýa Beýik Britaniýanyň parlamentiniň wekilleri, Halkara deňiz guramasy, professorlar, aspirantlar we ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdy.


Türkmenistanyň ilçisi öz çykyşynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň taryhy, sebitde we halkara giňişliginde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmekdäki ähmiýeti we orny, şeýle hem türkmen döwletiniň öňe süren dürli halkara başlangyçlary barada gürrüň berdi.


Maslahatda Beýik Britaniýanyň uniwersitetleriniň wekilleri hem çykyş etdiler. Türkmen halkyny bu möhüm senesi bilen gutlap, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini bellediler.


Maslahata gatnaşyjylara Bitaraplyk ýyllarynda Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri hakynda wideogörnüş görkezildi. Bu barada  neutrality.gov.tm  saýty habar berýär.