Geljegiň jemgyýetçilik ulagy hasaplanýan “Virgin Hyperloop” ilkinji adamly synagyny geçirdi. Uzak aralyga ýolagçy gatnawyny amala aşyrylmak üçin göz öňünde tutulýan ulag äpet turbanyň içinde, sürtülmäniň az bolan ýerinde sagatda 100 km-den hem ýokary tizlikde hereket eder. Bu ulag häzirki wagtda Ýaponiýada ulanylýan “Maglev” otly ulgamyna meňzeýär. Bu ulgamda rels bilen ulagyň metal tigirleriniň arasynda magnit meýdany emele gelip, olar bir-birini itip, äpet ulagy howada hereket etdirýär. Şeýlelikde, tigir bilen relsiň arasyndaky sürtülme dolulygyna diýen ýaly aradan aýrylýar. Muňa ýerde uçýan otly diýilse hem ýalňyş bolmaz. Belli işewür Riçard Bransonyň ýolbaşçylyk edýän taslamasynda bolsa, howanyň garşylygy hem aradan aýrylýar. Täze ulgam üçin döredilen wagonda iki ýolagçy bilen test geçirildi. Kompaniýanyň iki işgäri 500 metr aralygy 172 km/sagat tizlik bilen geçen ulagyň içinde oturdy. Hakyky ulagyň ýokary tizliginiň sagatda 1200 km bolmagyna garaşylýar. Kompaniýa dünýäniň dürli ýurtlarynda uzak şäherleriň aralygynda şeýle ulgamy döretmegi maksat edinýär. Bu ulgamyň diňe ýolagçy däl, ýük gatnawynda ulanylmagy göz öňünde tutulýar. Kompaniýa golaýda bu maksat bilen deňizde ýük gatnawlaryny amala aşyrýan “DP World” bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy.
Ähli kategoriýalar
Geljegiň jemgyýetçilik ulagy “Hyperloop” adamly synagdan geçirildi