Turkmenportal logo
06.11.20
12161216
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýusuf Ýazyjynyň rekordy, “Milanyň” 24 oýundan soň ilkinji ýeňlişi

UEFA Ýewropa ligasynda “H” toparçada “Milan” öz meýdançasynda “Lillden” 3–0 asgyn geldi. Fransuz kluby türkiýeli hüjümçisi Ýusuf Ýazyjynyň het-trigi bilen ýeňiş gazandy. Türkiýeli oýunçy Ýewrokuboklarynda 2-nji gezek myhmançylykdaky duşuşykda het-trik etmegi başardy. Ol muny başaran ilkinji futbolçy boldy. Ýazyjy “Sparta”–“Lill” duşuşygynda-da het-trik edipdi. Ýazyjy 6 gol bilen ýaryşyň iň netijeli oýunçysy hökmünde öňde barýar. Şeýle-de Ýazyjy “San Siroda” “Milanyň” derwezesinden 3 gol geçiren 2-nji futbolçy bolup, ondan öň Riwaldo (“Barselona”) het-trik edipdi.  


24 oýundan bäri ýeňilmän (18 ýeňiş, 6 ýeňliş) gelýän “Milan” 25-nji duşuşygynda utulyp, italýan klubunyň ýeňilmezekligi soňlandy.  Şeýle-de “Milan” öz meýdançasynda fransuz klubundan 2-nji gezek utuldy. Olar 2006-njy ýylda-da “Lillden” 2-0 utulypdy.