Turkmenportal logo
30.10.20
996996
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
“Milanyň” şemaly belentden öwüsýär, toparyň täze rekordlary

UEFA Ýewropa ligasynda “Milan” 2-nji tapgyrda-da 3 golly ýeňiş gazandy. Öz meýdançasynda “Sparta Praga” toparyndan ýaş futbolçylary Diaz, Leao hem-de Dalonyň gollary bilen 3-0 üstün çykan “Milan” 23 oýundan bäri ýeňilmän gelýär. Olar şol döwürde 18 ýeňiş gazanyp, 5 oýunda-da deňme-deň oýnadylar. “Milanyň” gol geçiren 3 futbolçysy-da 1999-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan soň doglan oýunçylardyr. “Milan” UEFA Kuboklarynda 1 duşuşykda 1999-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan soň doglan 3 futbolçysy bilen gol geçiren ilkinji topar boldy. Şeýle-de “Milan” soňky 12 oýunda 2 we ondan köp gol geçirip gelýär. Topar soňky gezek 90 ýylda ozal, ýagny 1929-1930 möwsüminde şeýle netije görkezipdi.