Täjigistanyň Saýlawlar we sala salşyklar boýunça Merkezi komissiýasynyň başlygy Bagtiýor Hudoýorzoda 11-nji oktýabrda geçirilen prezident saýlawlarynyň deslapky netijelerini şu gün halkara we ýerli synçylaryň, köp sanly žurnalistleriň gatnaşan metbugat ýygnagynda yglan etdi. Bagtiýor Hudoýorzodanyň habar bermegine görä, Täjigistan garaşsyz kärdeşler arkalaşyklary federasiýasyndan, Täjigistan Ýaşlar bileleşiginden we Täjigistan Halk Demokratik Partiýasyndan Emomali Rahmon 90,92 göterim ses alyp, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentine saýlandy.
Saýlawlar güni Täjigistanda 68 saýlaw okrugy we 3375 saýlaw uçastogy, daşary ýurtlarda bolsa 39 saýlaw uçastogy hereket etdi. Saýlawçylaryň sany 4 943 289 adam, ilkinji gezek ses berenleriň sany bolsa 105,399 adam boldy.
Şu günki metbugat ýygnagynda: "Sesleri sanamagyň deslapky netijelerine görä, 2020-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň saýlawlaryna saýlawçylaryň 4 million 221 müň 76 sanysy ýa-da 85.39 göterimi gatnaşdy" – diýlip hasabat berildi.
Maglumatlara görä, saýlawlar güni Täjigistanyň Agrar partiýasyndan dalaşgär Rustam Latifzoda üçin 127 müň 746 saýlawçy, Täjigistanyň Ykdysady Özgertmeler Partiýasynyň dalaşgär Rustam Rahmatzoda üçin 90,587 saýlawçy, Täjigistan Kommunistik partiýasyndan dalaşgär Miroj Abdulloýew üçin 49,212 saýlawçy, Täjigistanyň Sosialistik partiýasyndan dalaşgär Abduhalim Gafforzoda üçin 62 müň 835 saýlawçy, Täjigistanyň garaşsyz kärdeşler arkalaşyklary federasiýasyndan, Täjigistanyň Ýaşlar bileleşiginden we Täjigistanyň Halk Demokratik partiýasyndan dalaşgär Emomali Rahmon üçin 3 million 837 müň 927 saýlawçy ses berdi. Netijede, Rüstam Latifzoda 3.03 göterim, Rustam Rahmatzoda 2,15 göterim, Miroj Abdulloýew 1,17 göterim, Abduhalim Gafforzoda 1,49 göterim, Emomali Rahmon 90,92 göterim ses aldy.
Raýatlaryň saýlawlara işjeň gatnaşmagy jemgyýetiň syýasy medeniýetiniň kämillik derejesine we Täjigistanyň şöhratly halkynyň döwlet garaşsyzlygyna, ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygyna goşandynyň alamatydyr.