Turkmenportal logo
19.09.20
87758775
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Garaşsyzlyk güni mynasybetli Türkmenistanda at çapyşyklary geçiriler

18-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer E.Orazgeldiýew döwlet Baştutanyna ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli 28-nji sentýabrda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda we welaýatlarda geçiriljek baýramçylyk atçapyşyklarynyň maksatnamasyny hödürledi — diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.


Ýurdumyzda geçirilýän atçylyk sport ýaryşlary halkymyzyň bu ugurda däp-dessurlaryny has-da ösdürmäge, milli buýsanjymyz bolan – asyrlaryň dowamynda şöhrat gazanan ahalteke bedewleriniň tutuş dünýä tanalmagyna ýardam edýär diýip, milletiň Lideri Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan çäreleriň ýokary derejede guralmagyny tabşyrdy.