Turkmenportal logo
19.08.20
11051105
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Sarp degirmeni ýedi aýda 12 müň 695 tonna un taýýarlady

Serdar etrabynyň Sarp obasynda gurlup, ulanylmaga berlen, göwrümi 50 müň tonna däne saklaýan elewatorly degirmenler toplumy her ýylda 50 müň tonna un öndürmäge niýetlenilendir. Bu häzirki zaman kärhanasynda ýörite ammarlaryň 6-sy bolup, olaryň her birinde 8 müň 333 tonna däne saklamaga şertler döredilendir.


Kärhanada önümçilik sehi, elektrik bekedi, suw arassalaýjy desga, däne ýükläp-düşürmäge niýetlenen bölüm we beýlekiler hereket edýär. Dänäniň agramyny çekmek üçin uly göwrümli gapanlaryň 3-si bar.


Dünýäniň kämil tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan kärhana demir ýol şahasynyň barýandygyny bellemek zerurdyr. Kärhananyň barlaghanasynda öndürilýän unuň hiline we çyglylyk derejesine hemişe gözegçilik edilip durulýar. Bu bolsa kärhanada işleriň sazlaşykly ýola goýulýandygyndan habar berýär.


Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşigine degişli kärhanada şu ýylyň geçen ýedi aýynda 16 müň 927 tonna bugdaý üwelip, taýýarlanan unuň umumy möçberi 12 müň 695 tonna barabar bolupdyr. Şonça önümiň 4 müň 232 tonnasy ýokary we 8 müň 463 tonnasy bolsa birinji hilli undur.