Turkmenportal logo
13.08.20
2472324723
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
IMO-da Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi hasaby işläp başlady

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy öz web sahypasynda ilçihananyň IMO-daky resmi hasabynyň açylandygyny habar berdi. Hasaba +99362264931 telefon belgisi arkaly goşulyp bolýar.


Hasaba goşulmak bilen, ilçihananyň ähli habarlaryndan habardar bolup bilersiňiz. Şeýle hem Günüň dogýan ýurdunyň asyl medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmäge mümkinçiligiňiz bolar.


Ilçihana görkezilen telefon belgisiniň diňe IMO üçin ulanylýandygyny, ony ulanýan ilçihananyň işgäri bilen habarlaşyp bolmaýandygyny habar berýär.