Turkmenportal logo
13.08.20
66836683
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
PSŽ 25 ýyldan soň ýarym finalda

UEFA Çempionlar ligasynda ilkinji ýarym finalçy PSŽ topary boldy. Parižliler çärýek finalda “Atalantany” 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler. 26-njy minmutda Paşaliç bilen öňe saýlanan “Atalanta” bu üstünligini 90-njy minuta çenli saklamagy başardy. Ýöne olara 3 minutlap goranmak welin başartmady. Duşuşygyň 90-njy minutynda jerime meýdançasynyň içinde dörän başagaýlyk dan soň, PSŽ-niň braziliýaly goragçysy Markinios hasaby deňledi. Bu gol bilen ruhlanan parižliler garşydaşlarynyň ruhdan düşmegi bilenem dessine ýene bir gol geçirdi. Neýmaryň pasyny Mbappe oýna soň goşulan Şupo-Motinge berdi (90+3). Kamerunly ýaş hüjümçi-de topary derwezä gönükdirip, PSŽ toparyna ýeňiş getirdi. Duşuşygyň iň ökde oýunçysy diýlip, 2 gola-da uly goşant goşan Neýmar saýlandy. Şeýlelikde, mundan 50 ýyl ozal, 12-nji awgustda esaslandyrylan PSŽ 50 ýyllyk ýubileý gününde ýarym finala çykdy. Olar soňky gezek mundan 25 ýyl öň, ýagny 1994/95 möwsüminde ýarym finala çykan PSŽ, şol ýyl “Milandan” asgyn gelipdi. PSŽ-niň ýarym finaldaky garşydaşy şu günki “Leipsig”–“Atletiko Madrid” duşuşygyndan soň belli bolar.