Turkmenportal logo
01.08.20
1142511425
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýaponiýada Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan wideofilm görkezilýär

2020-nji ýylyň 20-nji iýulyndan Ýaponiýanyň Miýazaki şäherinde ýerleşýän Içibangaý meýdançasynyň uly ekranynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň yglan edilmeginiň 25 ýylynyň dowamynda gazanylan üstünlikleri beýan edýän wideofilm görkezilip başlandy.


Şunlukda, Miýazaki şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary Türkmenistan hem-de ýurduň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen gi ňişleýin tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Wideoşekilleriň görkezilişi sentýabr aýyna çenli dowam eder.