Turkmenportal logo
25.07.20
1494614946
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda tomusky transfer penjiresi 15-nji awgusta çenli uzaldyldy

Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň klublarynyň hem-de Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagynda geçirilýän ýurdumyzyň çempionatyna gatnaşýan toparlar üçin tomusky transfer möwsüminiň wagty 28-nji iýuldan 15-nji awgusta çenli uzaldyldy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.


Tomusky transfer möwsüminiň 1-nji iýulda açylandygyny ýatladýarys.


Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ikinji ýarymyna 25-nji aýgustynda “Köpetdag” – “Energetik” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bilen badalga berler.