Turkmenportal logo
20.07.20
96669666
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bu ýyl “Altyn top” baýragy gowşurylmaz

Futbolyň iň abraýly baýraklarynyň biri bolan “Altyn top” baýragy şu ýyl taryhda ilkinji gezek gowşurylmaz. Kowid-19 sebäpli dünýäde emele gelen çylşyrymly wakalary göz öňünde tutýan “France Football” žurnalynyň degişli ýolbaşçylary: Baýragy gowşurmak üçin oňaýly, adalatly şertleriň ýokdugyny nazarda tutup, onuň gowşurylmajakdygyny resmi ýagdaýda habar berdiler. Islendik futbolçynyň arzuwy bolan “Ballon d’Or” baýragy 1956-njy ýyldan bäri yzygiderli ýagdaýda gowşurylyp gelinýärdi. Ol şu ýyl ilkinji gezek gowşurylmaz.