Turkmenportal logo
10.07.20
4889748897
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy şahsy kabul edilişikleri wagtlaýyn ýatyrdy

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy şu ýylyň 13-nji iýulyndan başlap, Aşgabatdaky ilçihananyň konsullyk bölüminiň we Türkmenbaşydaki konsullyk bölüminiň şahsy kabul edilişikleri bes edýändigini habar berdi.


Çäklendirilýän çäreler döwründe raýatlar aşakdaky meseleler boýunça resminamalary Aşgabatdaky ilçihananyň konsullyk bölümine uzakdan iberip bilerler:


  • wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsatnama (RVP);
  • raýatlyk;
  • kazyýet ýazgysyny soramak;
  • 14 ýaşa çenli çagalar üçin 5 ýyllyk pasport bermek.

Has giňişleýin maglumatlary  ilçihananyň web sahypasyndan tapyp bilersiňiz .