Turkmenportal logo
20.05.20
59495949
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daşoguzda 8 müň gektardan gowrak ýer şaly ekişine taýýarlanylýar

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen S.Nyýazow adyndaky we «27-nji oktýabr» daýhan birleşikleri boýunça 8100 gektar ýerde şaly ýetişdirmek göz öňünde tutulýar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär. 


Bu hojalyklarda sürüm işlerine ir bahardan girişilip, bu iş bellenilen möhletlerde, ýokary hilli geçirildi. Bu möhüm agrotehniki çäräniň gyzgalaň¬ly alnyp barylan döwründe zerur ätiýaçlyk şaýlary, dürli enjamlar bilen üpjün edilen göçme ussahanalar, ýörite işçi toparlary sazlaşykly hereket etdi. 


Şeýle tehniki-guramaçylyk işleriniň utgaşykly ýola goýulmagy netijesinde etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň kuwwatly traktorlarynyň 5-si iki çalşykda bökdençsiz işledildi. Ýokary öndürijilikli tehnikalaryň her biriniň güýji bilen günde 50 ― 60 gektar ýer sürlüp, bu datly nygmatyň ekişini öz wagtynda geçirmäge doly taýýar edildi. Bu işleriň dowam edýän günlerinde şalyçy kärendeçiler özlerine berkidilen ýerleriň töwerek-daşyny hapa-haşal otlardan arassalap, aralap geçýän suw akabalaryny gazmak işlerini geçirdiler. 


Welaýatyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen bu iri hojalyklarynyň ussat şalyçylary ekiş möwsümine guramaçylykly başlamaga taýýarlyk görýärler.