Turkmenportal logo
24.01.20
1061710617
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti TOP taslamasynyň türkmen bölegini çekmek boýunça türk kompaniýasy bilen Ylalaşyga gol çekdi

Türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


Resminama laýyklykda, Energetika ministrligine Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň birinji tapgyrynda Mary döwlet elektrik stansiýasyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat şäheri ugry boýunça türkmen-owgan serhedine çenli güýjenmesi 220 kW bolan elektrik geçirijisini gurmak barada Türkiýe Respublikasynyň «Çalyk Holding A.Ş.» kompaniýasynyň golçur kärhanasy bolan «TAPP-500 Power Transmission Line FZE» kompaniýasy bilen ylalaşygy baglaşmaga ygtyýar berildi.


Gurluşyk işlerine 2020-nji ýylyň fewral aýynda başlamak we elektrik geçirijisini 2021-nji ýylyň awgust aýynda ulanmaga tabşyrmak bellenildi.