Turkmenportal logo
16.01.20
50935093
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenabadyň pamyk egiriji fabriginde 2019-njy ýylyň meýilnamasy 111 göterim berjaý edildi

Ýyllyk kuwwaty 4 müň tonna bolan Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginde geçen ýyl 3 524 tonna nah ýüplük öndürildi. Ýokary hilli önüm eýýäm içerki we daşarky bazara ugradyldy.


Hususan-da, ýüplükleriniň 17/1, 20/1, 27/1, 34/1 belgili görnüşlerine Russiýanyň we Türkiýäniň kompaniýalaryndan isleg ýokary derejede.


Geçen ýyl bu ýerde 29,5 million manada golaý iş ýerine ýetirildi. Eksportdan gazanylan girdeji bolsa 28,5 million manada ýetdi. Ýyllyk meýilnama 111 göterim berjaý edildi diýip, «Biznes Türkmenistan» habar berýär.