Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyryp, birnäçe desgalaryň taslamalary hem-de şäheriň energiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça meýilleşdirilýän işler bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Wise-premýer Aşgabatda gurulýan täze desgalary elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi, şeýle hem döwlet Baştutanynyň garamagyna elektrik energiýasy bilen üpjün etjek ulgama degişli desgalaryň taslamasyny hödürledi. Bu taslama ýurdumyzyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga, paýtagtymyzda gurulýan döwrebap binalary we desgalary elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmäge gönükdirilendir.
Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, elektrik üpjünçilik meselesiniň çözülmeginiň bildirilýän baş talaplaryň hatarynda durýandygyny nygtap, şunda desgalaryň üpjünçiliginiň özbaşdak ulgamynyň nazarda tutulmagynyň örän uly ähmiýetli bolup durýandygyny belledi. Bu ugurda tutuş paýtagtymyz boýunça hem öňde durýan wezipeler ýerine ýetirilende şol ýörelgeden ugur alynsa maksadalaýyk bolar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

