Turkmenportal logo
13.02.19
99079907
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly futbolçy Serdar Annaorazow Ermenistanyň toparynda synagdan geçýär

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 28 ýaşly goragçysy Serdar Annaorazow häzirki wagtda Ermenistanyň Premýer-ligasynyň wekili Ýerewanyň “Arsah” toparynda synagdan geçýär.
Goragçymyzyň täze toparyndaky synag duşuşyklaryna Tbiliside okuw-türgenleşik geçýän “Arsahyň” ýoldaşlyk oýunlarynda bolup geçer. “Arsah” okuw-türgenleşiginiň dowamynda Gruziýanyň “Kaheti Telawi”, “Gagra”, Merani” hem-de “WIT Jorjiýa” toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer.
Serdar Annaorazow professional karýerasyna paýtagtymyzyň HTTU toparynda başlapdy. 2013-nji ýylda HTTU-nyň düzüminde ýurdumyzyň çempionydyr Naýbaşy kubogyna mynasyp bolan goragçy, 2014-nji ýylda topary bilen AFK-nyň Prezidentiniň kubogyny gazanypdy. 2015-nji ýylda paýtagtymyzyň “Altyn Asyryna” geçip, onuň düzüminde ýurdumyzyň dört gezek çempiony bolmagy başardy.
Serdar Annaorazow Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 30-dan gowrak duşuşyk geçirdi.