Aziýa kubogynyň 1/8 finalynyň Tailand ― Hytaý duşuşygy toparçalaýyn tapgyrdaky Türkmenistan ― Ýaponiýa duşuşygyna çalym etdi diýsek ýalňyşmarys. Birinji ýarymy öňde tamamlan tailandly futbolçylar derwezesine ikinji ýarymda geçiren iki pökgi bilen ýeňildiler.
Has takygy, 31-nji minutda Supaçainiň Hytaýyň milli ýygyndysynyň derwezesine geçiren pökgüsi bilen tailandly futbolçylar çärýek finala bir ädim ýakynlaşdylar. Ýöne bu üstünlik 67-nji minuda çenli saklandy. Şol minutda hytaýly futbolçylar Hiao Žiniň goly bilen hasaby deňlediler. Şondan 4 minut soňra ýerli emin Mohammed Abdulla hasan Mohamed Tailandyň derwezesine 11 metrlik jerime urgusyny belledi. Urgyny dürs ýerine ýetiren Gao Lin Hytaýyň milli ýygyndysyna arzyly ýeňşi getirdi.
Aziýa kubogy ― 2019, 1/8 final, 20-nji ýanwar.
Al Aýn şäherindäki «Hazza bin Zaýed» stadiony, 8026 tomaşaçy.
TAILAND ― HYTAÝ 1:2
Pökgi geçirenler: Supaçai 31 ― Hiao Ži 67, Gao Lin 71 (11 m.j.u.)