2-nji maýda Türkmenistanda ulag boýunça halkara maslahat geçiriler. Bu maslahata görülýän taýýarlyk barada Ministrler Kabinetiniň 6-njy apreldäki mejlisinde döwlet Baştutanyna hasabat berildi.
Bellenilişi ýaly, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu maksat bilen, ýurdumyz tarapyndan aýratyn möhüm ugurlar, şol sanda ulag ulgamy boýunça kabul edilen halkara resminamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Şu ulgamda hormatly Prezidentimiz oňyn teklipleriň ençemesini öňe sürdi. Olar BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalarynda öz beýanyny tapdy.
Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Ýewraziýa yklymynda birnäçe ulag-aragatnaşyk geçelgelerini döretmek boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar. Munuň özi sebitara we halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda degişli düzümi mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça netijeli ädimler ädilýär.
Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz portunyň gurluşygy tamamlanýar. Bu port Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ulag gatnawlary ulgamynda baglanyşdyryjy merkez bolar. Häzirki wagtda Daşary işler ministrligi pudaklaýyn ministrlikler we edaralar bilen bilelikde bu iri döwrebap desgany ulanmaga bermäge gabatlanan dabaraly çäreleri guramak boýunça netijeli işleri geçirýär. Bu desga maý aýynyň başynda açylar.
Şunuň bilen baglylykda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde halkara forumy geçirmek göz öňünde tutulýar. Onuň gün tertibine ulag we logistika ulgamlarynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, hususan-da, portlaryň, şeýle hem syýahatçylygyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, maýa goýum işini höweslendirmek arkaly gatnaşyklary ösdürmäge degişli meseleleriň birnäçesi giriziler. Mundan başga-da, halkara ulag hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergini guramak meýilleşdirilýär.
