Turkmenportal logo
30.01.18
84748474
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Çarymyrat Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen eminleri AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyrynda eminlik eder

Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşyň “Günorta Aziýa zolagynda” geçiriljek saýlama tapgyrynda türkmen eminler topary eminlik eder.


Halkara derejeli eminlerimiz Çarymyrat Gurbanow, Pälwan Pälwanow, Ahmet Begnazarow hem-de ätiýaçdaky emin Alibek Sapaýew “Günorta Aziýa” zolagynyň saýlama tapgyrynyň çäginde Bangladeşiň “Saif” hem-de Maldiw adalarynyň “TC Sports” toparlarynyň arasyndaky jogap duşuşygynda eminlik ederler. Eminlerimiziň eminlik etjek duşuşygy 2018-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Maldiw adalarynyň Male şäherinde geçiriler. AFK kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäginde bu iki toparyň arasyndaky birinji duşuşyk 23-nji ýanwarda Bangladeşde geçirilip, şonda “TC Sports” topary 1:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. 40 ýaşly halkara derejeli eminimiz Çarymyrat Gurbanowyň halkara ýaryşlarynda 2003-nji ýyldan bäri eminlik edip gelýändigini ýatladýarys.


Bangladeşiň “Saif” hem-de “TC Sports” toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň ýeňijisi toparçalaýyn bäsleşikde çykyş etmäge mümkinçilik berýän pleý-off oýnuna gatnaşmaga hukuk gazanar. “Günorta Aziýa” zolagynyň ikinji saýlama tapgyrynda Butanyň “Transport United” hem-de Hindistanyň “Bengaluru” toparlary duşuşýarlar.  Butanda geçirilen birinji duşuşyk 0:0 hasabynda deňlikde tamamlanypdy.