Turkmenportal logo
20.08.2026
1465014650
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Maşat şäherindäki Baş konsullygynda «tegelek stol» duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherindäki Baş konsullygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýetine, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Halkara hukugyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnama bagyşlanan «tegelek stol» geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, 19-njy awgustda bolan çäre sergi bilen başlandy. Onda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleri, şeýle hem türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny şöhlelendirýän fotosuratlar görkezildi.

«Tegelek stol» duşuşygyna türkmen diasporasynyň wekilleri, «Magtymguly adyndaky» we «Gülistan ykdysady» žurnallarynyň, «Ülkämiz» we «Sedaýe Gonbad» habarlar gulluklarynyň wekilleri, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Baş konsullygynyň işgärleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2028-nji ýyly Halkara hukugyň ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjyna aýratyn üns berildi. Gatnaşyjylara degişli Kararnamanyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 78 döwletiň awtordaşlygynda kabul edilendigi barada maglumat berildi.  

Çykyşlarda bu Kararnamanyň kabul edilmeginiň halkara hukugyny berkitmek, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, şeýle hem konstruktiw we deňhukukly köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.