Turkmenportal logo
19.08.2026
1588515885
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen diplomaty Ýaponiýanyň DIM-iniň Merkezi Aziýa boýunça täze bellenen ýörite wekili bilen duşuşdy

Şu gün Türkmenistanyň Tokiodaky ilçisi A. Baýramow Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça täze bellenen ýörite wekili T.Işigaki bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, duşuşygyň maksady ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, şeýle hem ýokary derejedäki saparlar bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň ýokary ösüş depgini nygtaldy. Munuň esasynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň dowamynda Ýaponiýa iki gezek amala aşyran üstünlikli saparyndan ugur alýandygy bellenildi.

Duşuşygyň çäklerinde ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alşyldy. Şunda 2026-njy ýylyň dekabrynda Tokio şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetleriniň mejlisini ýokary derejede guramak meselesine aýratyn üns berildi.