Turkmenportal logo
17.08.2026
1627616276
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 16-njy tapgyrynyň duşuşyklaryna syn

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda 16-njy tapgyryň duşuşyklary tamamlandy. Ýaryş tertibindäki esasy üýtgeşiklik ýaryşyň tertibinde lideriň çalyşmagy boldy: «Altyn Asyr» «Ahaldan» öňe geçip, ikinji orna çykdy.

Bu ýer çalyşmasyna «Ahal» bilen häzirki çempionyň arasyndaky duşuşygyň netijesi sebäp boldy. Tapgyryň merkezi duşuşygynda «Arkadag» öz meýdançasynda «Ahal» toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi. 4-nji minutda çempionatyň iň netijeli hüjümçisi Didar Durdyýew hasaby açdy, 8-nji minutda bolsa Ahmet Ataýew hasaby iki esse artdyrdy. 23-nji minutda Ýolmämmet Garajaýew «Ahalyň» hasapdaky tapawudyny azaltdy, emma myhmanlar oýun tamamlanýança hasaby deňleşdirip bilmediler.

«Ahal» liderden ýeňlip, «Altyn Asyr» bolsa myhmançylykdaky duşuşygynda ýeňiş gazanyp, bäsdeşiniň ýeňlişinden peýdalandy. «Köpetdag» bilen duşuşygyň 19-njy minudynda bu toparyň oýunçysy Arslan Saparow «Altyn Asyryň» derwezesine gol geçirip, hasaby açdy. Emma arakesmäniň öň ýanynda «Altyn Asyr» hasaby deňlemegi başardy — 45+1-nji minutda Röwşengeldi Halmämmedow tapawutlandy. Duşuşygyň ykbaly ikinji ýarymda çözüldi: 68-nji minutda «Köpetdagyň» oýunçysy Baýramgeldi Gulmaýew topy öz derwezesine geçirip, myhmanlara 2:1 hasabynda ýeňiş getirdi.

Şu iki duşuşygyň netijesinde «Altyn Asyr» 35 utuk toplap, «Ahaldan» öňe geçdi we ikinji orna çykdy. «Ahalyň» hasabynda bolsa 33 utuk bar.

Tapgyryň beýleki duşuşyklary hem çekeleşikli ýagdaýda geçdi. «Aşgabat» öz meýdançasynda «Şagadamy» az tapawut bilen — 1:0 hasabynda ýeňdi. Ýeke-täk goly 59-njy minutda Merdan Muhadow geçirdi.

«Nebitçi» myhmançylykda «Merwden» üstün çykdy. Duşuşykdaky ýeke-täk goly birinji ýarymyň ahyrynda — 45+1-nji minutda Akmämmet Metdaýew geçirdi.

Çempionatyň lideri «Arkadag» barada aýdylanda bolsa, topar diňe bir öňdeligini saklamak bilen çäklenmän, eýsem ýaryş tertibiniň başyndaky artykmaçlygyny has-da berkitdi. «Ahaldan» gazanylan ýeňiş toparyň 16 duşuşykdaky 16-njy ýeňşi boldy. Çempion ýekeje gezek hem ýeňilmän we deňme-deň oýnamazdan, ynamly ýörişini dowam etdirýär.

16-njy tapgyrdan soň ýaryşyň tertibi:

  1. «Arkadag» — 48 utuk

  2. «Altyn Asyr» — 35 utuk

  3. «Ahal» — 33 utuk

  4. «Nebitçi» — 17 utuk

  5. «Merw» — 14 utuk

  6. «Aşgabat» — 13 utuk

  7. «Şagadam» — 13 utuk

  8. «Köpetdag» — 11 utuk