Turkmenportal logo
Şu gün 12:27
58175817
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hindistanyň demirgazygynda ötük ýumrulyp ýedi adam heläk boldy
Surat: belta.by

Hindistanyň Uttarakhand ştatynda gurulýan ötük (tunnel) ýykylyp, 7 adam heläk boldy, 14 işçi ýaralandy we 1 adam dereksiz ýitdi. Bu barada «The Hindu» neşiri habar berdi.

Betbagtçylyk 13-nji awgust gijesi ýurduň «Tehri Hydro Development Corporation Limited» döwlet energetika kompaniýasynyň gurluşyk meýdançasynda boldy, ötükde 22 adam işleýärdi.

Wakanyň bolan ýerinde gözleg-halas ediş işleri dowam edýär. Oňa tebigy betbagtlyklara garşy göreş gullugynyň işgärleri, etrap halas ediş toparlary, ýerli polisiýa we Senagat howpsuzlygynyň merkezi güýçleriniň işgärleri gatnaşýarlar.