«Maýkl» («Michael») terjimehal filminiň ikinji bölüminiň üstünde şu ýylyň aýagynda işlenip başlanar. Bu barada önümçilikçi «Lionsgate» studiýasynyň başlygy Adam Fogelsona salgylanýan «Deadline» neşiri habar berdi.
Fogelsonyň sözlerine görä, ikinji filme birinji bölüm üçin surata düşürilen, emma girizilmedik sahnalar girer. Olaryň arasynda sazly çykyşlar hem bolar. Studiýa amatly býujetiň hasabyna ýokary hilli film döretmekçi bolýar diýlip, habarda bellenýär.
Ilkinji filmiň premýerasy 2025-nji ýylyň noýabryndan 2026-njy ýylyň apreline geçirilipdi. Muňa rowaýaty aýdymçy Maýkl Jeksonyň mirasdüşerleriniň filmdäki käbir sahnalar bilen ylalaşmazlygy sebäp boldy. Netijede, ol sahnalar filmden aýryldy. Nägilelik bildirilen parçany täzeden surata düşürmek üçin goşmaça 50 mln dollar sarp edildi. Indi surata alnyp aýrylan sahnalaryň agramly bölegi ikinji bölümiň esasyny düzer.
«Maýkl» baýopiginiň sikweli 2027-nji ýylyň aýagynda — 2028-nji ýylyň birinji ýarymynda prokata goýberiler.
«Lionsgate» studiýasynyň bu filmi dünýä prokatynda bir milliard dollardan hem köp kassa ýygymyny toplap, taryhda iň girdejili baýopik – terjimehal film hökmünde yglan edildi.