Ispaniýada 500-den gowrak adam Gün tutulmasyndan soňra lukmançylyk kömegini sorap ýüz tutdy. Bu barada «Mundo» gazetine salgylanýan «ria.ru» habar berdi. «Müňlerçe ýaşaýjyny haýrana goýan Gün tutulmadan soňra 511 adam lukmanlara ýüz tutdy» diýip, neşir ýazýar. Ýurduň dürli sebitlerinde adamlar baş aýlanmadan, howsalalykdan, kiçeňräk şikeslerdir göz agyrma ýaly sökellikleri başdan geçirdi.
12-nji awgustda bolan Gün tutulma hadysasyny Russiýanyň demirgazygyndan başlap, Demirgazyk Buzly umman, Grenlandiýa, Islandiýa, Atlantik umman, Ispaniýa we Portugaliýanyň çäginde synlamak mümkin boldy.