Turkmenportal logo
Şu gün 11:15
27972797
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda hindi kinosynyň festiwaly açyldy

Paýtagtymyzyň «Aşgabat» kinoteatrynda hindi kinosynyň festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýardamy bilen Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guraldy.

Dabarada Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň derejesine ýokary baha berip, forumyň geçirilmegine goldaw berendikleri üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de ilçi Türkmenistanda hindi medeniýetine, hususan-da, hindi dilini öwrenmäge we ýoga bilen meşgullanmaga bolan gyzyklanmanyň barha artýandygyny belledi.

Türkmen tarapynyň wekilleri hem hindi kinematografiýasynyň ýurduň medeni durmuşynda möhüm orun eýeleýändigini nygtap, onuň dil päsgelçiligine garamazdan tomaşaçylaryň ýüreklerine ýol tapýandygyny bellediler.

Festiwalyň maksatnamasy «Dangal» atly terjimehal dramasy bilen açyldy. Geljekki günlerde tomaşaçylara beýleki filmler hem görkeziler: 15-nji awgustda hindi kinosynyň muşdaklary «Ogurlanmadyk gelin» filmine tomaşa edip bilerler, 16-njy awgustda bolsa festiwal «Öňe, Hindistan!» atly sport dramasy bilen jemlener.

Gurnaýjylaryň bellemeklerine görä, şeýle medeni çäreler Türkmenistanyň we Hindistanyň halklarynyň arasynda özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna we medeni gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýär.