Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow öňde duran döwlet Baştutanynyň saýlawlaryna gatnaşmakçydygyny we ikinji möhlete dalaş etmekçidigini habar berdi diýip, «Ria.ru» ýazýar.
«Hawa, men giderin. Ýol hemmeler üçin açyk, kim islese, gatnaşyp biler. Rusça aýdylyşy ýaly, «Baýdak elde». Biz hiç kimi çäklendirip durmarys» diýip, Žaparow žurnalist Ali Toktakunow bilen söhbetdeşlikde nygtady.
Iýulyň ahyrynda Prezidentiň metbugat gullugy gyrgyz lideriniň öňde duran döwlet Baştutanynyň saýlawlaryny kesgitleýän kanuna gol çekendigini habar berdi, oňa görä, saýlawlar 2027-nji ýylyň 27-nji ýanwaryna bellendi.