Ahal welaýatynyň häkimligi Gökdepe etrabynyň Kelejar obasynyň suw geçiriji ulgamynyň gurluşygy üçin zerur bolan gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan etdi. №343 lot taslamany durmuşa geçirmek üçin zerur harytlaryň getirilmegi göz öňünde tutulýar.
Bäsleşik 2026-njy ýylyň 3-nji sentýabrynda sagat 10:00-da geçiriler. Gatnaşmak üçin resminamalar 2-nji sentýabrda sagat 17:00-a çenli kabul edilýär.
Harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmegiň şertleri, satyn alynýan harytlaryň möçberleri we beýleki degişli maglumatlar bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 156-njy jaý salgysynda ýerleşýän bäsleşik toparyna ýüz tutup, tanşyp bolýar. Maglumat üçin telefonlar: 39-46-39, 39-46-38.
Degişli maglumatlar e.finance.gov.tm saýtynda hem ýerleşdirildi.