Turkmenportal logo
Şu gün 11:07
69786978
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gökdepe etrabynyň Kelejar obasynda suw geçiriji ulgamy gurlar

Ahal welaýatynyň häkimligi Gökdepe etrabynyň Kelejar obasynyň suw geçiriji ulgamynyň gurluşygy üçin zerur bolan gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan etdi. №343 lot taslamany durmuşa geçirmek üçin zerur harytlaryň getirilmegi göz öňünde tutulýar.

Bäsleşik 2026-njy ýylyň 3-nji sentýabrynda sagat 10:00-da geçiriler. Gatnaşmak üçin resminamalar 2-nji sentýabrda sagat 17:00-a çenli kabul edilýär.

Harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmegiň şertleri, satyn alynýan harytlaryň möçberleri we beýleki degişli maglumatlar bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 156-njy jaý salgysynda ýerleşýän bäsleşik toparyna ýüz tutup, tanşyp bolýar. Maglumat üçin telefonlar: 39-46-39, 39-46-38.

Degişli maglumatlar e.finance.gov.tm saýtynda hem ýerleşdirildi.